Xiaomi 16 hakda täze maglumatlar aýan edildi

  • 12.03.2025 22:51
  • 3.4k+

Xiaomi 16 Pro smartfonynyň 3D çap etmek arkaly ýasalan, demirden orta çarçuwa bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýändigi barada maglumat peýda bolupdy. Indi meşhur Digital Chat Station insaýderi bu hakykaty tassyklady we käbir täze jikme-jiklikleri aýan etdi diýip, Notebookcheck.net habar berýär.

Maglumatlara görä, çarçuwa alýuminden ýa-da titandan bolup biler, bu sowadyş ulgamyna täsir eder hem-de enjamy has ýeňleder we güýçlendirer. Üstesine, şeýle çarçuwalaryň köpçülikleýin öndürilmegi garaşylyşyndan has arzan bolup biler.
Mundan başga-da, Xiaomi 16 Pro dürli funksiýalary - emeli aňy işjeňleşdirmekden başlap, sessiz režime geçmeklige çenli ýerine ýetirip bilýän ýöriteleşdirilen düwmäni alar. Bu iPhone 16 Pro-daky Action Button-a meňzeýär. Emma bu düwmäniň goşulmagy batareýanyň kuwwatyny 100mAh azaldyp biler, şeýle-de bolsa 7000 mAh-da bu uly bir täsirini ýetirmez.
Xiaomi 16 seriýasynda häzirki modellerden tapawutly tegelek burçly tekiz displeýler bolar. Şeýle hem, ekranlarda çipleriň ýerleşdirilmegini optimizirlemek arkaly çarçuwalary kiçeltmäge mümkinçilik berýän LIPO tehnologiýasy ulanylar.


22.02.2026 01:33
3.7k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...