Kriştianu Ronaldu 30 ýaşyndan soň bu ýaşa çenli geçiren gollaryndan köp gol saldy

  • 12.03.2025 07:57
  • 12k+

40 ýaşly Kriştianu Ronaldu soňky on ýylda öz mümkinçiliginiň ýokary derejesine ýetdi. “Al-Nasryň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi karýerasynda 927 goly tora girizdi we olaryň ýarysyndan gowragyny 30 ýaşyndan soň geçirdi – 464 gol. Bu ýaşa çenli ol 463 gol geçiripdi.

Bu görkezijini futbolçy 10-njy martda AFK Çempionlar ligasynyň “Esteglýala” garşy 1/8 final oýnunda (3:0) gazandy. Oýunda beýleki iki goly “Al-Nasryň” täze oýunçysy Jon Duran öz hasabyna ýazdy.
Ronaldu resmi oýunlarda 927 gola ýeten taryhda ilkinji futbolçydyr. Ol ilkinji bäş goluny “Sportingde” geçirdi, 145 gol – “Mançester Ýunaýted”, 450 – “Real”, 101 – “Ýuwentus”, 92 – “Al-Nasr” we ýene 134 gol Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin geçirildi. Ol futbol, milli ýygyndylaryň, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, Ýewropa çempionatynyň we Klublaýyn dünýä çempionatynyň taryhynda iň gowy bombardir bolmagynda galýar.


şu gün 13:41
4.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
4.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....