Türkmenistanda London uniwersitetiniň maksatnamalaryny ornaşdyrmak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

  • 11.03.2025 22:46
  • 5.6k+

Beýik Britaniýanyň akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri Türkmenistan bilen bilim babatda hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça başlangyçlaryny öňe sürdüler. Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşykda Britaniýanyň bilim maksatnamalaryny utgaşdyrmak, okatmagyň häzirki zaman okuw usulyýetlerini ulanmak we iňlis dilini öwrenmek mümkinçiliginiň gerimini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Britan tarapy Türkmenistanda London uniwersitetiniň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksatnamalaryň amala aşyrylmagy talyplara ýurduň çäginden çykman halkara derejesinde ykrar edilýän diplomlary almaga mümkinçilik döreder.
London uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde zerur hünärler boýunça maksatnamalaryň ähmiýetini nygtap geçdiler. Londonyň öňdebaryjy kollejleriniň ýolbaşçylygynda şu aşakdaky ugurlar boýunça okuw meýilnamalary işlenip düzüldi:

  • Kompýuter ylymlary (Goldsmiths, University of London) – sanly ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamak.
  • Işewürligi dolandyrmak (Royal Holloway, University of London) – hususy we döwlet pudaklary üçin dolandyryjylary taýýarlamak.
  • Hukuk öwreniş (Queen Mary, University of London) –hukuk boýunça halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak.
  • Marketing (Royal Holloway, University of London) – marketing boýunça hünärmenleri taýýarlamak.
  • Maliýe we buhgalteriýa hasabaty (London School of Economics and Political Science, LSE) – maliýe pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak.

Professor Dewid Beýker (London uniwersiteti) wajyp meseleleriň hatarynda British Education Network (BEN) arkaly ýol açylýan mümkinçilikler barada aýdyp geçdi. BEN Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri birleşdirýän platforma bolup, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryna giň elýeterliligiň bolmagyny üpjün edýär. BEN arkaly talyplar London uniwersitetiniň bilim maksatnamalary boýunça bilim alyp bilerler, bu bolsa olaryň akademiki we hünär ösüşindäki mümkinçiliklerini giňelder.
Britan tarapy hyzmatdaşlygyň düzümine şu aşakdakyklaryň girizilmeginiň hem mümkindigini belläp geçdi: 

  • Iňlis diliniň okadylyşyny goldamak, Türkmenistanda sertifikatlaşdyrylan IELTS we TOEFL synaglaryny guramak.
  • Akademiki alşygynyň ösdürilmegi, bu bolsa mugallymlara we talyplara tejribe alyşmak üçin täze mümkinçiligi üpjün eder.
  • Okuwyň çeýe görnüşleriniň, şol sanda onlaýn okuwlar we garyşyk okuw maksatnamalarynyň (blended learning) ulanylmagy.

Ýakyn geljekde bu ugurdaky başlangyçlary durmuşa geçirilmegiň anyk mehanizmlerini işläp düzmäge gönükdirilen gepleşikleriň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......