Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Türkiýäniň Ak partiýasynyň wekili bilen duşuşdy

  • 11.03.2025 08:24
  • 4.5k+

10-njy martda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Ak partiýasynyň Başlygynyň orunbasary Kurşad Zorlu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlyndaky ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasan hem, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň özara hyzmatdaşlygy türkmen-türk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Bulardan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilälikdäki çäreleri gurnamak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de söhbetdeşler Türkiýe Respublikasynyň Ak partiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanda geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin saparyny gurnamagy barada pikir alyşdylar. 


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......