Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektor işläp düzdüler

  • 11.03.2025 06:32
  • 4.9k+

Türkmen alymlary damjalaýyn suwaryş üçin biokompozit inýektor işläp düzdüler. Bu enjam suwaryş suwuny tygşytly tutmaga we ösümlikleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Işläp düzmek işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy- tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri we ölçeg gurallary barlaghanasynda tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Enjam ýokançsyzlandyrma wezipesini ýerine ýetirýär, kömelekleriň ösüşini togtadýar we saprofit mikroblaryň ösmegine ýardam edýär. Bu bolsa gämikleriň hilini we ösümlikleriň kesellere durnuklylygyny artdyrýar.


Inýektoryň esasy artykmaçlygy ony öndürmek üçin tebigy galyndylaryň ulanylmagydyr. Bu bolsa tehnologiýany diňe bir täsirli etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa taýdan howpsuz hem edýär. Enjam ýokary derejede berkligi, güýçli şepbeşik häsiýeti we agressiw şertlere durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onuň uzak wagt işlemegini üpjün edýär.
Inýektoryň uzynlygy ösümlikleriň ululygyna baglylykda sazlanýar. Onuň şahalanyp gidýän güberçek ýapjagazly özboluşly gurluşy kökleriň ýokary hilli iýmitlenmegine kömek edýär we dökünleri gaýtadan işlemek üçin amatly şertleri döretmek bilen, kök çüýrüntgisiniň köpelmeginiň öňüni alýar.
Bu enjamy güýçli synaglardan soň üstünlikli täzeläp we gaýtadan ulanyp bolýar. Bu bolsa daşky gurşawa ýaramaz täsiri azaldýar.


düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......