Germaniýanyň demirýol konserni otlularyň gijä galandygy üçin 196,8 mln ýewro töledi

  • 10.03.2025 16:52
  • 10k+

Germaniýanyň Deutsche Bahn demirýol konserni 2024-nji ýylda otlularyň gijä galandygy we ýatyrylandygy üçin ulanyjylara 196,8 mln ýewro möçberde öwez tölegini töledi. Bu “täze gynançly rekord” diýip, Bild am Sonntag neşiri kompaniýanyň maglumatlaryna salgylanyp ýazýar.

Bu mukdar 2023-nji ýylyň görkezijisinden 64 mln ýewro köp boldy, şol ýyl kompaniýa 132 mln ýewro töläpdi.
Deutsche Bahn gijikdirmeleriň 80%-iniň demirýol ulgamynyň könelmegi we hereketiň köp bolmagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi.
Kompaniýa şu onýyllygyň ahyryna çenli ýollary, aragatnaşyk ulgamlaryny we stansiýalary düýpli abatlamak üçin tutuş Germaniýa boýunça 40 sany esasy demirýol bölegini birnäçe aý ýapmagy meýilleşdirýär.
Geçen ýyl ýolagçylar öwez tölegi üçin 6,9 mln arza tabşyrdy. Ony onlaýn resmileşdirmek bolýar. Geçen ýylky arzalaryň ýarysyna iki günüň içinde seredildi. Düzgünlere görä, otlynyň bir sagatdan gowrak gijä galandygy üçin petegiň bahasynyň 25%-i yzyna gaýtarylýar. 2 sagat we ondan gowrak gijä galan ýagdaýynda ýolagçylar petek bahasynyň 50%-ini yzyna alyp biler.


08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......