Microsoft 35 ýyldan soň Publisher ofis goşundysyny ýapýar

  • 09.03.2025 21:55
  • 1.3k+

Microsoft korporasiýasynyň iň köne gurallaryndan biri bolan Microsoft Publisher 2026-njy ýylyň oktýabrynda işini bes eder.

Microsoft 365-de we «ömürlik» lisenziýalarda goldaw bes ediler. Bu lisenziýalar işlemegini dowam etdirer, emma täzelenmeler we howpsuzlyk goraglary bolmaz.
PCWorld-yň Microsoft-a salgylanyp beren maglumatyna görä, Publisher-iň funksiýalary indi Word we PowerPoint bilen çalşylar.

«Publisher-iň edip bilýän ähli zatlaryny Word we PowerPoint ýerine ýetirýär» — diýip, korporasiýa belleýär.

«.pub» görnüşdäki faýllary ýitirmezlik üçin, Microsoft olary PDF-e öwürmegi, soňra bolsa Word ýa-da PowerPoint-de açmagy maslahat berýär. Emma bu ýagdaýda käbir maketler üýtgäp biler. Köp faýly şol bir wagtda öwürmek üçin makros döretmek teklip edilýär.
Publisher 1991-nji ýylda işe girizildi we ol Office 365-iň (häzirki Microsoft 365) düzümine girýärdi. Emma soňra Publisher öz ornuny ulanyjylaryň arasynda has-da meşhur bolan Word-a tabşyrdy, bu bolsa 35 ýyl hyzmat edenden soň onuň bazardan aýrylmagyna sebäp boldy.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...