Google Pixel 9 Pro MWC 2025 sergisinde “Ýylyň smartfony” baýragyny aldy

  • 09.03.2025 08:13
  • 5k+

Barselonada geçirilen MWC 2025 sergisinde Google-yň Pixel 9 Pro flagmany Apple-iň we Samsung-yň ýokary derejeli modellerinden öňe geçip, “Ýylyň smartfony” baýragyny aldy. Smartfon 2024-nji ýylyň iň köp gürrüňi edilýän Android gurluşlarynyň biri boldy we ösen tehnologiýalaryň, täzelenen dizaýnyň we kuwwatly programma üpjünçiliginiň sazlaşmagy netijesinde ulanyjylardan ýokary baha aldy.

“Ýylyň smartfony” baýragy 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýy aralygyndaky bazar seljermesiniň esasynda Global Mobile Association (GLOMO) tarapyndan berilýär. Şol bir wagtyň özünde, gurluşyň öndürijiligi, täze funksiýalary we bazardaky öňdebaryjylygy göz öňünde tutulýar. 
Pixel 9 Pro smartfony Apple iPhone 16 Pro Max we Samsung Galaxy S24 Ultra ýaly flagmanlar bilen bäsleşdi, ýöne özboluşly aýratynlyklary we ulanyjylaryň arasynda meşhurlygy bilen olardan öňe geçmegi başardy.
Bu Google smartfonynyň we Android gurluşynyň “Ýylyň smartfony” adyny yzygider ikinji ýyl almagydyr. 2024-nji ýylda Pixel 8 2021-nji ýyldan bäri bu baýragy alan ilkinji Android gurluşy boldy. Indi bolsa Google Apple we Samsung ýaly ägirtler bilen bäsleşip biljek brenddigini tassyklady.
Şeýle-de, Google “Gurluşlaryň pudagynda öňe gidişlik innowasiýasy” nominasiýasynda Gemini taslamasy üçin baýrak aldy. Gemini enjam we programma üpjünçiligini üstünlikli utgaşdyryp bildi, bu hem kompaniýa ykjam bazaryň çäginden çykyp, ulanyjylara özboluşly funksiýalary hödürlemäge mümkinçilik berdi. Geçen ýyl bu baýragy Apple-iň Satellite SOS hyzmaty alypdy. Ol iPhone ulanyjylaryna öýjükli aragatnaşygyň ýok ýerlerinde hemra arkaly betbagtlyk signalyny ibermäge mümkinçilik berýär.
Üstünliklerine garamazdan, Google MWC 2025 sergisinde täze gurluşlary hödürlemedi. Ol öz täzeliklerini, adatça, maý aýynda geçirilýän Made by Google ýyllyk konferensiýasynda görkezer.


10.03.2026 18:32
1.4k+

Google daşky gurşawy aşa hapalaýjylara garşy göreşmek üçin $50 mln gönükdirer

Google kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawdan «aşa hapalaýjylary» aýyrmak üçin 50 million dollar sarp etmäge borçlandy. Bu barada «Datacenter Dynamics» neşiri habar berýär. Super Pollutant Action başlangyjynyň çäklerinde korporasiýa klimat üçin kömürturşy gazyndan hem has howply bolan metan we ftorly gazlara garşy göreşmäge ünsi jemlär...

03.03.2026 23:28
6.7k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...

03.03.2026 16:51
1.9k+

Google Translate dürli terjime görnüşini hödürleýän emeli aň gurallary bilen üpjün edildi

Google kompaniýasy özüniň Translate (Terjime) goşundysy üçin emeli aňa esaslanýan täze mümkinçilikleri hödürledi. Gemini neýroulgamynyň goşulmagy netijesinde, indi ulanyjylar gündelik söhbetler üçin ýönekeý ýa-da resmi hat-habarlar üçin iş stili ýaly terjimäniň görnüşlerini-de saýlap bilerler...

26.02.2026 16:20
2k+

Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady

Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär...