Gök-bakja orkestri 344 konsertden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 09.03.2025 06:11
  • 2.3k+

Wenada döredilen gök-bakja önüm orkestri 344 konsertden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Sazandalar her çykyşdan öň gök hem-de bakja önümlerinden saz gurallaryny döredip, olaryň galyndylaryndan bolsa çorba taýýarlaýarlar.

Toparyň taryhy 1998-nji ýylda, haçan-da dostlar agşamlyk naharyny taýýarlamak üçin ýygnanyşanlarynda başlaýar. Döredijilik pikiriniň gözleginde bolmak bilen, olar aýdym-saz toparyny döretmek kararyna gelýär.

“Ähli zat degişmeden başlady” – diýip, esaslandyryjy Mattias Maýnhartert Ginnesiň rekordlar kitabyna aýtdy.

Sazandalar "saz gurallaryny" her gezek çykyşyň öňýanynda kesýärler, sebäbi alty sagatdan olar öz durkuny ýitirýär. Orkestriň üýtgeşik gurallarynyň arasynda käşir rekorderi, hyýar telefony, badamdan kakylyp çalynýan gural, poreý soganyndan skripka we ş.m. bar. Gök önümleriň galyndylary konsertden soň berilýän çorba üçin ulanylýar.  Kesilen bölekler organiki galyndylar hökmünde gaýtadan ulanylýar.

“Biz beýleki bir gurallaryň berip bilmejek sesini döredip bilýäris diýip hasaplaýarys. Sen tapawudy eşidýärsiň. Käwagt bu haýwanlara, käwagt hyýaly (abstrakt) seslere meňzeş” – diýip, toparyň agzalary gürrüň berýär.

Sazandalar täze kompozisiýalaryň üstünde işlemegiň käwagt kyn bolýandygyny, ýöne toplanan tejribäniň kömek edýändigini belleýär. Konsert wagty artistler köpçülikden doly seslenmä garaşýar.

“Biz hakyky auditoriýanyň, üns jemlenen atmosferanyň we gowy akustikanyň bolan ýerinde çykyş etmegi gowy görýäris” – diýip, olar belledi.


08.06.2026 18:02
4.4k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
4.8k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

04.06.2026 17:17
5.8k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......