Benksiniň «Çig nebit» atly suraty auksionda 5,5 million dollara satyldy

  • 08.03.2025 16:55
  • 5k+

Benksiniň «Çig nebit (Wettriano)» atly suraty Londondaky Sotheby’s auksionynda, takmynan, 5,5 million dollara satyldy diýip, «BBC» habar berýär.

Surat «Blink-182» toparynyň bas-gitaristi Mark Hoppus tarapyndan satuwa çykaryldy. Ol suratyň satylmagyndan gelen girdejiniň bir bölegini Los-Anjelesdäki ýangynlardan ejir çekenlere kömek üçin bagyş etjekdigini aýtdy.
Benksi «Çig nebit» (Crude Oil) seriýasyny 2005-nji ýylda Londonda geçirilen ilkinji galereýa sergisi üçin döredipdi. Bu işlerinde ol meşhur suratlary satiriki usulda üýtgedipdi. Mysal üçin, Winsent Wan Goguň «Günebakarlar» (Sunflowers) ýa-da Edward Hopperiň «Ýarygijedäkiler» (Nighthawks) ýaly eserlerini täzeden işläpdi.
Auksionda satylan surat üçin bolsa, şotlandiýaly suratkeş Jek Wettrianonyň meşhur «Aýdym aýdýan baş hyzmatkär» (The Singing Butler) eserinden ylham alyndy. Benksi suraty göçürip, oňa batyp barýan nebit tankerini hem-de zäherli galyndylary göterýän iki adamyň şekilini goşdy.
Wettrianonyň asyl «Aýdym aýdýan baş hyzmatkäri» 2004-nji ýylda auksionda 744 müň funt sterlinge satylypdy. Şol wagt ol iň gymmat bahadan satylan şotlandiýaly surat bolupdy. Emma Benksiniň wersiýasy ondan has ýokary bahadan satyldy.
Mark Hoppusyň özi bu suraty 2011-nji ýylda satyn alypdy. Ol we aýaly Benksiniň eserlerini ilkinji gezek görenlerinde, olara «aşyk bolandyklaryny» aýtdylar.

düýn 23:54
959

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
771

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....