Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti babatda pikirlerini paýlaşdy

  • 08.03.2025 12:53
  • 6.4k+

Şu ýyl Özbegistanda ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Euronews” teleýaýlymyna interwýusynda bu sammitde beýan etjek esasy pikirleri bilen paýlaşdy.

"Bu ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammiti bolar. Munuň özi aýratyn umytlary we düşünjeleri berýär. Bu sammitden ähli ugurlarda gatnaşyklar boýunça deňhukukly, strategik we işjeň dialoga, möhüm çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşýarys.
Dünýä örän çalt özgerýär, täze syýasy, geoykdysady ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu ýagdaýlary hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny hem kesgitlemelidiris.
Men hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň uludygyna ynanýaryn. Sebäbi Merkezi Aziýa döwletleri çalt depginler bilen ösýär. Aziýanyň we Ýewropanyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşýän bu ýurtlaryň ägirt uly tebigy serişdeleri, ýaş we işewür ilaty bar.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýa dünýäniň parahatçylyk, howpsuzlyk, durnuklylyk şertlerinde ýaşamaga we ösmäge islegleri bolan örän möhüm sebitidir. Ol daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk edýär. Bu düzgünler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we olaryň Liderleriniň özara gatnaşyklarynyň esasynda durýar. Häzirki döwürde olaryň arasynda içerki sebit dialogynyň hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli usullary ýola goýuldy. Merkezi Aziýa hut şeýle garalmalydyr we Ýewropa Bileleşigi üçin özüne çekiji bolmalydyr.
Elbetde, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady, ekologiýa, tehnologiýalar, emeli aň ulgamlarynda toplan tejribesi, gazanan üstünlikleri we mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyz üçin peýdalydyr hem-de gyzyklydyr.
Ählumumy daşary syýasat gün tertibi boýunça hyzmatdaşlyk etmekde-de gowy mümkinçilikler bar diýip pikir edýärin. Sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, serhetleri berkitmekde, neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde we ençeme beýleki ugurlarda hem arkalaşykly işleşmäge giň şertleriň bardygyna ynanýaryn.
Umuman, Merkezi Aziýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary barada aýdylanda, Türkmenistan bu gatnaşyklaryň uzak möhletli, netijeli, toplumlaýyn hem-de anyk bolmagyny isleýär.
Biz geçiriljek sammitiň şeýle gatnaşyklara zerur itergi bermegine bil baglaýarys. Bu hyzmatdaşlygyň birek-birege bähbitli we geljeginiň uly boljakdygy aýdyňdyr. Şoňa görä-de, özara bähbitlilik esasynda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek üçin bilelikde işlemelidiris - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşligi dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.


22.05.2026 14:19
1.8k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.6k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......