Türkmenistanda köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

  • 08.03.2025 12:12
  • 15k+

7-nji martda Aşgabatda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreleriň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy diýip, TDH habar berýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, olaryň düzümleýin bölümlerinde, kärhanalarda, guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, pul sowgatlaryny gelin-gyzlaryň ählisi, şol sanda talyp gyzlar, mekdepde okaýan hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlar aldylar.
Düýn şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konserti boldy.






düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....