Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly eneleriň 253 sanysyna «Ene mähri» diýen hormatly ady dakdy

  • 08.03.2025 11:50
  • 8.8k+

7-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama metbugatda çap edildi. 

"Ösüp gelýän nesillerimizi ata Watanymyza we merdana halkymyza wepaly, sagdyn hem-de ruhubelent adamlar edip ýetişdirmekde kalby mähirden doly eneleriň örän uly hyzmaty bardyr. Mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna gadymdan gelýän milli däplerimize görä edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde olar bahasyna ýetip bolmajak işleri bitirýärler" diýlip resminamada bellenilýär.

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly at ýurdumyzyň dürli künjeginden jemi 253 sany köp çagaly enelere berildi. Şolardan Aşgabatdan - 30 sany, Ahal welaýatyndan - 28 sany, Balkan welaýatyndan - 5 sany, Daşoguz welaýatyndan - 107 sany, Lebap welaýatyndan - 33 sany we Mary welaýatyndan - 50 sany.
"Ene mähri" hormatly ada mynasyp bolanlaryň sanawy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....