Mask dekabrdan bäri 110,8 mlrd dollaryny ýitirdi – Forbes

  • 08.03.2025 08:29
  • 6.5k+

Ilon Maskyň baýlygy 2024-nji ýylyň 17-nji dekabryndan bäri 110,8 mlrd dollar azaldy we häzir 353,2 mlrd dollara barabar. Forbes neşiriniň habar bermegine görä, bu ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan Kanadadan, Meksikadan we Hytaýdan importa täze nyrhlar girizilenden soň, Tesla-nyň paýnamalarynyň 15% pese gaçmagy bilen baglanyşyklydyr.

Nyrhlar girizilenden soň diňe bir günde Mask 1,5 mlrd dollar ýitirdi.
Neşir Tesla-nyň uly ýitgileri çekip biljekdigini belleýär, sebäbi Hytaý Tesla elektromobilleriniň satuwy üçin ikinji uly bazardyr. Mundan başga-da, önümçilikde kompaniýa bellibir derejede Kanadadan ätiýaçlyk şaýlarynyň importyna bil baglaýar.
4-nji martdan ABŞ-da Kanadadan we Meksikadan ähli importa diýen ýaly 25% gümrük haky girizildi, Hytaýdan getirilýän harytlar üçin nyrhlar 10%-den 20%-e çenli ýokarlandy.
Tramp nyrhlary ýokarlandyrmak baradaky permana 1-nji fewralda gol çekdi. Hytaý önümleri üçin 10% nyrhlar 4-nji fewralda güýje girdi, Kanada we Meksika üçin bolsa bu ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen gepleşikler sebäpli bir aý yza süýşürildi.
Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Bloomberg Maskyň baýlygy 400 mlrd dollardan geçen ilkinji adam bolandygyny habar beripdi.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....