XXI asyrda Ýeriň ýüzünde agaç oturtmaklyk garaşylyşyndan has depginli bolar

  • 08.03.2025 06:14
  • 3.7k+

CO2 zyňyndylary we ählumumy maýlama sebäpli planetanyň ýaşyl ýaprakly meýdany soňky 50 ýylda artdy. Bu ösüş 2100-nji ýyla çenli çaltlaşar, bu bolsa dünýäniň gidrologiki deňagramlylygyna täsirini ýetirer.

Sowet klimatology Mihail Budyko bu hadysany baryp 1970-nji ýyllarda çaklap bilipdi we munuň üçin döwürdeşleriniň aglabasynyň tankydyna sezewar bolupdy.
2000-nji ýyllarda Budykonyň çaklamasy ýaşyl ýaprakly meýdanyň çalt artýandygyny görkezýän emeli hemra suratlary bilen tassyklanyp başlandy. Şeýle-de bolsa, şondan soň awtorlary munuň wagtlaýyn hadysadygyny we agaç oturtmaklygyň ýakyn wagtda bes ediljekdigini ýa-da ýaşyl ýaprakly meýdanyň  azalyp, tersine kemelip başlajakdygyny subut etmäge çalyşýan köp ylmy işler edildi.
Indi alymlar topary agaç oturtmak işiniň dowam edýändigi baradaky maglumatlary takyklamagy başardylar.
One Earth žurnalynda çap edilen täze barlagyň awtorlary täze gözegçiliklere esaslanyp, ählumumy agaç oturtmaklygyň üstümizdäki asyrda nä derejede güýçli boljakdygyny anyklamaga synanyşdylar. Amal görkezijisi hökmünde umumy ýaşyl ýaprakly meýdanyň näçeräk üýtgeýändigini göz öňünde tutýan ýaşyl meýdan indeksini saýladylar (indeks ýaşyl ýapraklaryň aşaky, ýagny toprak bölegini hasaba almaýar). Hasaplamalar üçin CMIP6 klimat modeli ansambly ulanyldy.
Ilkibaşda, takyklanýan hasaplamalardan öň, ansambl modelleri 2015-2100-nji ýyllarda agaç oturdylyşynyň depginine görä, dürli görkezijileri berdi. Bir modelde ol yza gaýdýardy, beýlekisinde güýçlenýärdi.
Täze seljerme dünýäde ýaşyl ýapraklaryň ortaça meýdanynyň iň konserwatiw modelde-de her 10 ýylda bir inedördül metre azyndan 0,01 inedördül metr ýaprak derejesinde ösjekdigini ýüze çykardy. Beýleki modellerde ösüş bu görkezijiden iki-dört esse çalt boldy.
Bu garaşylmadyk uly san. Mysal üçin, ählumumy gök öwüsmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Russiýada 2000-2017-nji ýyllarda emeli hemra suratlarynda 10 ýylda bir inedördül metr üçin ýaprak meýdanynyň bary-ýogy 0,024 inedördül metr köpelendigi hasaba alyndy.
Bu, umuman alanyňda, CMIP6 modelleriniň köpüsinde agaçlaryň işjeň ösdürilip ýetişdirilýän ýeri bolan Russiýadan has çalt ýaşyllaşjakdygyny aňladýar.


düýn 16:54
6.3k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.5k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

08.05.2026 15:01
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......