Türkmenistan Pekindäki forumda maýa goýum mümçiliklerini tanyşdyrdy

  • 07.03.2025 17:47
  • 3.1k+

6-njy martda Pekin şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmek boýunça maslahat” atly işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Forumy Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy we Hytaýyň kärhanalaryny daşary ýurtlarda ösdürmek boýunça assosiasiýasy bilelikdegurady. Forumyň maksady Assosiasiýanyň 40 sany hytaý agza-kompaniýalaryny Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi P.Durdyýew, Assosiasianyň prezidenti He Çženweý, şeýle hem ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow çykyş etdiler.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda hytaý telekeçilik ulgamynyň wekillerini Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Ilçihananyň söwda wekili Ş.Batyrow öz çykyşynda hytaý maýa goýumlaryny çekmek üçin geljegi uly bolan pudaklary, ýagny nebit we gazhimiýa, agrosenagat toplumy, ulag we logistika, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlary kesgitledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar şu ýyl Aşgabat şäherinde ýöriteleşdirilen türkmen-hytaý işewürlik forumuny geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......