14-nji martda 2025-nji ýylyň ilkinji doly Aý tutulmasy bolup geçer

  • 07.03.2025 06:57
  • 8.1k+

14-nji martda şu ýylyň ilkinji doly Aý tutulmasy bolup geçer. Ýatlatsak, şu ýylyň dowamynda bolup geçjek Gün we Aý tutulmalarynyň hem-de beýleki kosmos hadysalarynyň seneleri barada biz öňem habar beripdik.

«Wired» neşiriniň habaryna görä, umumy tutulma Aşgabat wagty bilen 10:09-da başlap, 13:47-de tamamlanar. Bu hadysa 3 sagat 38 minutlap dowam eder. Doly tutulma bolsa 11:26-da başlap, 12:31-de tamamlanar. Iň ýokary fazasy 11:59-da bolar.
Doly tutulma wagty Aý 65 minutlap gyrmyzy reňkde bolar. Munuň sebäbi, hadysanyň dowamynda, Günüň şöhlesi Aýyň üstüne gönümel düşmän, Ýeriň atmosferasyndan geçip barýar. Şol wagt gysga tolkunlar (meselem, gök reňk) atmosferada dargaýar we diňe uzyn tolkunlar (meselem, gyzyl reňk) Aýa ýetýär. Şeýlelikde, Aý gyrmyzy reňkde görünýär. Reňki sebäpli, oňa «Ganly Aý» tutulmasy hem diýilýär.


Seýrek gaýtalanýan bu hadysa Demirgazyk we Günorta Amerikada doly syn edip bolar. Umuman, doly tutulmany bolsa Ýuwaş ummanynda, Amerikada, Günbatar Ýewropada we Günbatar Afrikada görüp bolar.
Bu gezekki Aý tutulmasyny Türkmenistandan syn edip bolmaz, sebäbi şol wagt Aý biziň gözýetimimizden aşakda bolar. Şeýle-de bolsa, öňümizde ýene-de 7-8-nji sentýabr aralygynda bolup geçjek doly Aý tutulmasynyň bardygyny we oňa ýurdumyzdan doly syn edip boljakdygyny belläp geçmek gerek.


düýn 16:34
3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...