2025-nji ýylyň Gün, Aý tutulmalarynyň we beýleki kosmos hadysalarynyň senenamasy

  • 03.01.2025 16:56
  • 7.7k+

2025-nji ýyl astronomiýa söýüjileri üçin asman hadysalaryna baý bolmagy wada berýär: gijeki asman dolan Aý, Günüň we Aýyň tutulmagy hem-de meteor akymlary bilen bezeler.

Bu hadysalar planetanyň dürli künjeginden görner.
Dolan Aýlaryň senenamasy
2025-nji ýylda her bir dolan Aýyň öz simwolik ady bar:

  • ·13-nji ýanwar – Möjek Aýy
  • ·12-nji fewral – Gar Aýy
  • ·14-nji mart – Gurçuk Aýy
  • ·12-nji aprel – Gülgüne Aý
  • ·12-nji maý – Gül Aýy
  • ·11-nji iýun – Ýertudana Aýy
  • ·10-njy iýul – Sugun Aýy
  • ·9-njy awgust – Bekre Aýy
  • ·7-nji sentýabr – Mekgejöwen Aýy
  • ·6-njy oktýabr – Hasyl Aýy
  • ·5-nji noýabr – Samyr Aýy
  • ·4-nji dekabr – Sowuk Aý

Gün we Aý tutulmalary
Iki sany bölekleýin Gün tutulmasy:

  • 29-njy mart – Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň käbir sebitlerinde görner.
  • 21-nji sentýabr – Awstraliýada, Antarktidada we Ýuwaş umman adalarynda görner.

Iki doly Aý tutulmasy:

  • ·13-14-nji mart – Günbatar Ýewropada, Aziýada, Awstraliýada, Günbatar Afrikada, Demirgazyk we Günorta Amerikada, şeýle-de Antarktidada görner.
  • ·7-8-nji sentýabr – Ýewropada, Aziýada, Awstraliýada, Afrikada, Günorta Amerikanyň gündogar böleginde, Alýaskada we Antarktidada görner.

Doly Aý tutulmasy wagtynda Aý haýran galdyryjy gyzyl reňke eýe bolar, şol sebäpli hadysa “Ganly Aý” diýlip atlandyrylýar.

Meteor akymlary
Ýyldyzlaryň süýnmegini halaýanlar üçin şu aşakdaky hadysalar garaşýar:

  • ·Kwadrantidler – 3-nji ýanwar
  • ·Liridler – 21-22-nji aprel
  • ·Eta-Akwaridler – 3-4-nji maý
  • ·Perseidler – 12-13-nji awgust
  • ·Drakonidler – 8-9-njy oktýabr
  • ·Geminidler – 12-13-nji dekabr

22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...