Audi A6 2025 tanyşdyryldy – 3,0 litrlik V6 hereketlendiriji, 362 at güýji we uýgunlaşdyrylan howa asma ulgamy

  • 06.03.2025 23:31
  • 4k+

Audi täze dizaýna we tehnologiýalara eýe bolan 2025-nji ýylyň A6 uniwersalyny hödürledi diýip, Motor1 habar berýär.

Modeliň öň we arka bölekleri täzelendi, täze yşyklandyryş tehnologiýasy we media ulgamy girizildi. Salonyň içinde 14,6 dýuýmlyk ekran we 11,9 dýuýmlyk sanly gurallar paneli bar. Öňdäki ýolagçy üçin goşmaça üçünji ekran gurnamak mümkin.
Uniwersal has-da ulaldy – uzynlygy 4,99 metre ýetdi, oturgyçlar ýygnalanda ýük bölüminiň göwrümi 1534 litre çenli ýetýär.
Esasy görnüşde iki hereketlendiriji hödürlenýär – 2,0 litrlik benzin we dizel hereketlendirijileri, olaryň hersiniň kuwwaty 201 at güýjünde. Ýokary görnüşinde 3,0 litrlik turbo dizel V6 hereketlendirijisi bar, ol 362 at güýjünde bolup, 48 woltly goşmaça energiýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Mundan başga-da ulag Quattro doly hereket ulgamy, uýgunlaşdyrylan howa asma ulgamy we doly dolandyryş şassisi bilen üpjün edilýär.
Audi A6 Avant 2025 modeliniň başlangyç bahasy 58 müň ýewrodan başlaýar. Dizel hereketlendirijili wersiýanyň bahasy 61,7 müň ýewro.
Satuwyna şu aýda başlanar.





09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...