Türkmenistan suw meseleleri boýunça Tokioda geçirilen halkara simpoziumyna gatnaşdy

  • 06.03.2025 15:49
  • 2.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji martda Tokio şäherinde geçirilen Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziuma gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de “Türkmensuwylymtaslama” Türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instututynyň wekilleri girdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem gatnaşdy.
Günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde suw meseleleri boýunça bilermenleriň duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarynyň belent münberlerinde öňe süren suw serişdelerini goramak we oýlanşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary barada gürrüň berdiler. Hususan-da, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak nukdaýnazaryndan suw serişdeleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Suw meselesiniň howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda has möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy, şol sebäpden hem suw serişdelerinden aýawly we oýlanyşykly peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.


düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......