Microsoft lukmanlar üçin Dragon Copilot emeli aň kömekçisini hödürledi

  • 06.03.2025 14:45
  • 1.2k+

Microsoft lukmanlar üçin EA kömekçisini – Dragon Copilot-y anons etdi. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, ol lukmanlaryň administratiw ýüküni ýeňilleşdirip, olaryň kagyz işini azaldar we hassalara has köp üns bermäge mümkinçilik berer.

Dragon Copilot sözleýşi tanaýan we kabul ediş bölüminde lukmanyň hassa bilen gürrüňdeşligini resminamalaşdyrýan Dragon Medical One we DAX Copilot programmalarynyň esasynda döredildi. Täze kömekçi olaryň funksiýalaryny birleşdirýär: ol kliniki bellikleri, derman kabul etmek boýunça görkezmeleri, kabul edişden soň rezýumeni we beýleki resminamalary awtomatik taýdan taýýarlaýar.

“Bu tehnologiýanyň kömegi bilen lukmanlar kompýutere däl-de, hassa ünsi jemläp biler” – diýip, Microsoft-yň global saglygy goraýyş boýunça wise-prezidenti Dewid Rýu belledi.

Google Cloud-yň gözleglerine görä, lukmanlar administratiw işlerine hepdede 28 sagada çenli wagt sarp edýär, bu öz gezeginde professional argynlygyň sebäpleriniň birine öwrülýär.
Microsoft EA-skraýbing bazaryna 2021-nji ýylda 16 mlrd dollara Nuance Communications kompaniýasyny satyn alandan soň çykdy. Hut ol Dragon Medical One we DAX Copilot programmalaryny işläp taýýarlady.
Microsoft-yň maglumatlaryna görä, soňky bir aýda DAX Copilot programmasy 600 lukmançylyk edarasynda lukmanlaryň 3 milliondan gowrak kabul edişliginde ulanyldy. 


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
1k+

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...