Çempionlar ligasy: “Liwerpul” “PSŽ-ni”, “Barselona” bolsa “Benfikadan” üstün çykdy...

  • 06.03.2025 13:01
  • 6.8k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlarynda “Liwerpul” myhmançylykda “Pari Sen-Žermeni” (1:0) bary-ýogy iki urgy bilen utdy, “Barselona” bolsa on oýunçy bolup “Benfikadan” üstün çykdy.

Agşamyň esasy gapma-garşylygy Parižde geçirilen Fransiýanyň we Angliýanyň çempionatlarynyň liderleriniň arasyndaky duşuşyk boldy.
“PSŽ” 40:7 gol tapawudy bilen yzygider on ýeňiş gazanyp, oýna ynamly girişdi. “Liwerpul” Angliýanyň premýer-ligasynda öňdebaryjy bolup, Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň iň gowy topary hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, “Stad de Frans” stadionynda Pariž kluby öz garşydaşyndan has işjeň boldy. Ol “Liwerpulyň” derwezesine 27 gezek top depdi, ýöne olaryň hiç biri-de gola getirmedi. Oýnuň birinji ýarymynda Hwiça Kwarasheliýanyň goly ofsaýd sebäpli ýatyryldy. “Liwerpul” bary-ýogy iki gezek urgy depdi, ýöne bu ýeterlik boldy – 87-nji minutda Harwi Elliot gol geçirdi.
Agşamyň “Barselona” bilen “Benfikanyň” arasyndaky oýny hem howsalaly boldy – “Barselona” “Benfikany” 1:0 hasabynda utdy. Eýýäm 22-nji minutda kataloniýalylar on bolup galdy – merkezi goragçy Pau Kubarsi gyzyl duýduryş aldy. Muňa garamazdan, 61-nji minutda Rafinýa portugal toparynyň derwezesine gol saldy.
Ýene bir oýunda Italiýanyň “Inter” topary myhmançylykda Niderlandlaryň “Feýenoordyny” Markus Týuramyň we Lautaro Martinesiň gollary bilen utmagy başardy (2:0). Mýunheniň “Bawariýasy” bolsa 3:0 hasabynda Lewerkuzeniň “Baýerinden” üstün çykdy: Garri Keýn iki gol geçirdi, ýene bir goly öz hasabyna Jamal Musiala ýazdy.
Bu toparlaryň jogap oýunlary 11-nji martda geçiriler.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......