Türkmenistan Aşgabatda Yragyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy üçin ýardam bermäge taýýar - Prezident

  • 06.03.2025 07:51
  • 5.9k+

5-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-yrak hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigi nygtalyp geçildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Aşgabatda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy. Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudani Yrak Respublikasynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanini şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, bu çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.


06.05.2026 20:34
9.8k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.6k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......