Meizu üç sany täze smartfon bilen dünýä bazaryna gaýdyp gelýär

  • 06.03.2025 07:20
  • 3k+

Meizu global smartfon bazaryna gaýdyp geldi. Kompaniýa Mobile World Congress (MWC) 2025 sergisinde üç sany täze smartfon – Meizu Note 22, Mblu 22 we Mblu 22 Pro smartfonlaryny hödürledi. Olar arzan segmente degişli bolup, Flyme OS interfeýsi bilen Android 15-de işleýär.

Meizu Note 22 6,78 dýuým suwuk kristal displeýine (1080p), MediaTek Helio G99 çipsetine we 128 ýa-da 256 GB ýat bilen 8 GB operatiw ýada eýe boldy. Esasy kamera – 108 MP, frontal – 32 MP. Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/sag bolup, 40 Wt çalt zarýad berşi goldaýar. Goşmaça funksiýalaryň arasynda NFC, infragyzyl geçiriji we 4G bar.
Mblu 22 6,79 dýuým suwuk kristal displeýi (720P) bilen üpjün edildi we Unisoc çipsetinde işleýär. Ýat görnüşleri: 3 GB operatiw ýat + 64 GB we 4 GB operatiw ýat + 128 GB. Esasy kamera – 13 MP, frontal – 5 MP. Gurluş Android 15-de (Go Edition) işleýär we stereodinamikalary goldaýar. Akkumulýator – 5000 mA/sag. Elýeterli reňkler: gara, sary we ýiti gök.
Mblu 22 Pro 6,79 dýuým suwuk kristal ekranyny (720p, 90 Gs) we MediaTek Helio G81 çipsetini aldy. Esasy kamera – 50 MP, frontal – 8 MP. Ýat görnüşleri: 4/128 GB, 6/256 GB we 8/256 GB. Akkumulýatoryň sygymy – 5000 mA/sag, zarýad beriş – 18 Wt.

şu gün 10:00
362

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......