Louis Vuitton köne iPod pleýeriniň we kasseta magnitofonynyň şekilinde ýantorba döretdi

  • 05.03.2025 18:11
  • 4.4k+

Louis Vuitton fransuz brendi 2025-nji ýyl üçin geçmişiň aýdym-saz diňlenilýän enjamlaryndan ruhlanan ýazky aksessuarlar kolleksiýasyny hödürledi. Oňa 90-njy we 2000-nji ýyllaryň sanly we kasseta pleýerleriniň äheňinden ylham alan ýantorbalar we kartholderler girdi diýip, Hypebeast habar berýär.

Kolleksiýanyň esasy elementleriniň biri - 2007-nji ýylyň iPod Classic gajetiniň şekilinde döredilen krossbodi ýantorbasy boldy. Ol dolandyryş düwmeleri we Louis Vuitton nyşanly ekran, “Collection Spring 2025” ýazgysy we 18:54 wagty – brendiň döredilen ýyly bilen bezeldi. Altyndan furnitura simli nauşniklere meňzeýär.
Ýene bir aksessuar kassetanyň şekilinde döredilen kartholder bolup, ol kartlary we wizitkalary saklamak üçin niýetlenýär, “Side A” we “Side B” bellikleri hem bar. Syrma altyndan ýasaldy.


Şeýle-de, kolleksiýada 90-njy ýyllaryň kasseta pleýeriniň şekilinde krossbodi ýantorbasy hödürlendi. Ol iPod torbasy bilen meňzeş materiallardan taýýarlandy we goşmaça altyn nauşniklere hem-de “pleý/pauza”, “öçürmek/işletmek” we “yza/öňe” mehaniki düwmelerine eýe boldy.
Aksessuarlar 13-nji martda satuwa çykar. Bahalar heniz belli däl.






11.06.2026 13:03
6.7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....