2050-nji ýyla çenli 3,8 milliarddan gowrak adam semizlikden ejir çeker: alymlaryň çaklamasy

  • 05.03.2025 16:01
  • 8.2k+

2050-nji ýyla çenli semizlik bütin dünýäde çynlakaý meselä öwrüler. «The Lancet» žurnalynda çap edilen täze seljerme, artykmaç agramy we semizligi bolan adamlaryň sanynyň düýpgöter köpeljekdigini çaklaýar diýip, «The Guardian» ýazýar.

Çaklamalara görä, geljek 25 ýylyň dowamynda 3,8 milliarddan gowrak uly ýaşly adamlar we 746 million çaga artykmaç agram bilen ýüzbe-ýüz bolar. Esasan-da ýaşlaryň arasynda semizligiň 121% artmagyna garaşylmagy uly alada döredýär.
Hünärmenler dessin çäreler görülmese, bu ýagdaýyň agyr netijelere getirmeginiň ähtimaldygyny duýdurýarlar: bu irki ölüme, dürli kesellere we saglygy goraýyş ulgamlaryna aşa ýüklenilmegine getirip biler.
Artykmaç agramly adamlaryň iň köp ýaşaýan ýerleri sekiz döwletdir: Hytaý, Hindistan, ABŞ, Braziliýa, Russiýa, Meksika, Indoneziýa we Müsür. Dünýäde semizlikden ejir çekýän uly adamlaryň ýarysyndan gowragy, hut şu ýurtlarda ýaşaýar.
Mundan başga-da, çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli çaga semizliginiň iň ýokary derejesi Demirgazyk Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Latyn Amerikasynda we Karib basseýninde jemlenjekdir.


şu gün 12:32
3.4k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......