Mercedes-AMG taryhyndaky iň çalt elektromobil taýýarlaýar

  • 05.03.2025 08:06
  • 3.6k+

Mercedes-AMG brendiň iň dinamik awtoulagy boljak elektrikli superkary yglan etdi. Bu täzeligiň tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň ortalarynda bolar diýip, «Autocar» neşiri habar berýär.

Täze model «Vision One-Eleven» konseptinden ylham alýar. Öndüriji esasan tizlige we tizlik bilen depginli hereketlere üns berer.
Işläp düzüş prosesinde Amerikanyň Factorial kompaniýasy bilen bilelikde döredilen öňdebaryjy gaty haldaky batareýalar ulanylar. Bu batareýalar elektromotor üçin ýokary güýji we netijeliligi üpjün eder. Çaklamalara görä, bu superkar häzirki AMG lideri bolan «Project One-dan» hem üstün çykyp biler. Bu ulag 100 km/sag tizlige üç sekuntdan az wagtda ýetýär.
Dizaýn «Vision One-Eleven-iň» aýratynlyklaryny saklar, ýöne aerodinamika we öndürijilik boýunça kämilleşdiriler. Modeliň köpçülikleýin önümçilige haçan giriziljekdigi häzirlikçe belli däl, ýöne AMG GT 4-Door Coupe-yň we täze flagman ulagynyň elektrikli görnüşlerini eýýämden synagdan geçirip başlady.



24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

20.06.2026 12:20
4.3k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....