Caviar 13 müň dollardan Jon Uigiň stilindäki Samsung Galaxy S25 Ultra-ny hödürledi

  • 04.03.2025 21:31
  • 5.7k+

Russiýanyň Caviar kompaniýasy Samsung-yň flagman smartfonynyň ýörite dizaýnlanan täze görnüşini hödürledi. Eksklýuziw enjamlaryň hakyky muşdaklary üçin niýetlenen Galaxy S25 Ultra Viper modeli meşhur kino gahrymany Jon Uigiň şahsy ýaragyndan ylham alnyp döredildi.

Caviar-yň dizaýnerleri adaty flagman smartfony meşhur kinosaganyň stiline getirip, oňa özboluşly keşp berdiler. Smartfonyň korpusy awiasiýa titanyndan ýasalan we şar-gara PVD örtügi bilen örtülen. Bu diňe bir premium görnüşi bermän, eýsem enjamyň berkligini hem artdyrýar.
Smartfonyň iň özüne çekiji tarapy – 24 karat altyn bilen bezelen, sapança meňzeş dizaýnydyr. Her bir elementi ussatlyk bilen işlenip taýýarlanan smartfon, Uigiň ýaragynyň güýçli we takyk keşbini görkezýär.
Ýörite modifikasiýalar edilendigine garamazdan, smartfon asyl modeliň ähli tehniki aýratynlyklaryny saklap galýar.
Samsung Galaxy S25 Ultra Viper-iň bahasy 13 müň dollardan ýokary, bu bolsa ony dünýäniň iň gymmat smartfonlarynyň birine öwürýär. Caviar bu modelden diňe bir nusga öndürer we ony diňe aýratyn sargyt esasynda satyn alyp bolar.
Ýatlatsak, Caviar mundan ozal hem, hytaý mifologiýasyndaky aždarhalaryň hökümdary Sýuanlongyň güýjüni alamatlandyrýan Huawei Mate XT Black Dragon-y, «Beýik, Gazaply, Kanuny» atly iň gymmat iPhone 16 «Corona» kolleksiýasyny, şeýle-de çäksizligi we ebedi täzelenmäni alamatlandyrýan çäge sagatlary we ýylanlar bilen bezelen Samsung Galaxy S25 «Lunar Year» kolleksiýasyny hödürläpdi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...