Samsung kompaniýasy Galaxy S25 Ultra smartfonyny hödürledi

  • 23.01.2025 13:01
  • 6.8k+

Samsung kompaniýasy  Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda Galaxy S25 smartfon hataryny hödürledi. Bu hataryň iň ýokary modeli Galaxy S25 Ultra boldy. Täze smartfon “hakyky EA ýaranynyň täze ülňüsi” we “ulanyjylaryň smartfon we daşky dünýä bilen özara gatnaşygyny üýtgetmek boýunça ilkinji ädim” bolmagy wada berýär.

Smartfonyň dizaýny üýtgeşmelere sezewar boldy: özünden öňküleriň ýiti burçlary aýlawly burçlar bilen çalşyryldy. Korpus titandan ýerine ýetirilen, ekran bolsa Gorilla Armor 2 aýnasy bilen goralýar.
Smartfon täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,9 dýuým Dynamic AMOLED 2X ekrany bilen enjamlaşdyryldy, şeýle-de S Pen stilusyny goldaýar.
Içinde Samsung üçin ýörite işlenip taýýarlanan Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory oturdyldy. Operatiw ýat 12 GB we içerki ýat 1 TB çenli. Gurluş One UI 7 interfeýsi bilen Android 15-de işleýär. Kompaniýa operasion ulgamyň ýedi täzelenmesini kepillendirýär (Android 22-ä çenli).
Kameralar hem täzelenme aldy: ýagtylyk güýji ýokary optikaly 50 Mp giňburçly modul. Beýleki kameralar öňküligine galdy: 200 Mp esasy, üç esse ulaltma (zum) bilen 12 Mp teleobýektiw we bäş esse ulaltma bilen 50 Mp telefoto-modul. 12 Mp frontal kamera ekrandaky kiçijik deşikde ýerleşýär.
Samsung täze smartfonlaryň programma mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berdi: kompaniýa täze smartfonlaryny teksti, sözleýşi, şekilleri we wideony kabul edip bilýän multimodal EA (emeli aň) agentleri bilen üpjün etdi:

  • “Daşyny çyzmak we gözlemek” (Circle to Search) funksiýasy kämilleşdirildi, indi ekrandaky telefon belgilerini, elektron poçta salgylaryny we URL salgylaryny çalt aňşyrýar.
  • Tebigy dile düşünmek kämilleşdi, mysal üçin, smartfondan beýan etmegiň esasynda “Galereýadaky” suraty tapmagy ýa-da smartfonyň haýsydyr bir sazlamasyny üýtgetmegi sorap bolar.
  • Google Gemini-ä esaslanýan EA kömekçisi indi başga programmalarda işlemek mümkinçiligini gazandy.
  • Gepleşikleri transkribirlemek we konspektirleme funksiýasy (Call Transcript).
  • Teksti döretmek we gaýtadan işlemek funksiýasy (Writing Assist).
  • Suratlary döretmek we redaktirlemek funksiýasy (Drawing Assist).
  • Gemini Advanced we 2 TB bulut saklaýjysy üçin 6 aý mugt ýazylyşyk.

Käbir ýurtlarda emeli aň funksiýalarynyň käbiri işlemez, ýöne bu ulanyjylaryň bütinleý olarsyz galjakdygyny aňlatmaýar.
Smartfon 45 Wt çalt simli zarýad beriş we 25 Wt Qi2 Ready simsiz zarýad beriş bilen 5000 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edildi. Suwdan we tozandan gorag IP68 ülňüsine laýyk gelýär.
Galaxy S25 Ultra gök (Titanium Silverblue), gara (Titanium Black), kümüşsöw (Titanium Whitesilver) we çal (Titanium Gray) reňklerde elýeterli bolar. Satuw 7-nji fewralda başlaýar.
Galaxy S25 Ultra-nyň bahasy Ýewropada 256 GB fleş-ýatly wersiýa üçin 1449 ýewro deň. 512 GB we 1 TB üçin ulanyjylar, degişlilikde, 1569 we 1809 ýewro tölemeli bolar. ABŞ-da bu wersiýalar, degişlilikde, 1299 dollar, 1419 dollar we 1660 dollar bilen bahalandyryldy.


24.02.2026 09:33
1.4k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.7k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...

12.02.2026 11:38
6k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär...