Caviar altyn çäge sagatly, “ýylanly” Samsung Galaxy S25 Ultra-ny çykardy

  • 27.01.2025 10:22
  • 6k+

Lýuks elektronika modifikasiýalary bilen tanalýan Caviar kompaniýasy Lunar Year atly täze kolleksiýasyny hödürledi. Ol Samsung Galaxy S25 Ultra flagman smartfonyna esaslanýar we Ýylan ýylynyň nyşanyna bagyşlanýar.

Kolleksiýanyň esasy modeli Ouroboros bolmak bilen, ol “çäksizligi we ebedi täzelenmäni  alamatlandyryp, bir bölekden beýlekisine akýan” altyn bölejikleri öz içine alýan gurnalan çäge sagatlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Sagat elde ýasalan we 999 probaly altyndan ýasalan uroborosyň (öz guýrugyny dişleýän ýylan) üç ölçegli şekili bilen üsti ýetirilýär.
Enjamyň bahasy 899 müň rubldan başlaýar (häzirki walýuta hümmetinde, takmynan, 9,160 dollar).
Ikinji wariant - Dark Ouroboros. Ol awiasiýa titany we gara uroboros ulanylyp döredildi. Bahasy 659 müň rubldan başlaýar (takmynan, 6 705 dollar).
Bu hatardaky modeller elde ýasalýar we çäkli mukdarda öndürilip, bu olary seýrek kolleksiýa obýektlerine öwürýär.
Kolleksiýanyň esasyna öwrülen Samsung Galaxy S25 Ultra 2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda yglan edildi. Smartfon 6,9 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X ekrany, Snapdragon 8 Elite for Galaxy prosessory we 200 MP esasy kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.
Enjamyň esasy wersiýasy 1299 dollardan satylýar.
Bu hatarda Apple iPhone 16 Pro we Pro Max-a esaslanýan Infinity modeli hem bar, onda uroboros ýorunja ýapragy görnüşinde towlanyp, 999 probaly altyn bilen örtülendir. Bu görnüş, takmynan, 6 452 dollardan hödürlenýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...