Parižiň zikgehanasy poslan Olimpiýa medallaryny çalyşmak üçin 220 arza aldy

  • 04.03.2025 21:11
  • 5.5k+

Parižiň zikgehanasy 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň medallaryny çalyşmak üçin 220 arza kabul etdi. Bu umumy medal sanynyň 4,5%-ine deňdir diýip, Frans Press agentligi habar berýär.

Jemi diametri 85 mm we galyňlygy 9,2 mm bolan 5084 medal çykarylypdy.
Mundan öň Lettre neşiri Parižde Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň guramaçylyk komitetine döwük we pos ýaly kemçilikler sebäpli 100-den gowrak medalyň yzyna berlendigini habar berdi. Nägilelik bildirenleriň arasynda Azerbaýjanyň Milli olimpiýa komiteti bolup, ol ilkibaşdaky görnüşini ýitiren medallary çalşyp bermek haýyşy bilen Halkara Olimpiýa Komitetine ýüz tutdy.


Soňrak Parižiň zikgehanasy bu meseläni tassyklady.

“Parižiň zikgehanasy medallaryň käbirini çalşyp berdi we türgenleriň haýyşy boýunça olary çalyşmak kampaniýasyny dowam etdirýär” – diýlip, resmi beýanda aýdylýar.

Lettre-niň maglumatlaryna görä, bu dawaly waka zikgehanada önümçilik we hil boýunça üç müdiriň işden çykarylmagyna getirdi.
Olimpiada-2024 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda Parižde geçirildi.


şu gün 14:28
754

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......