Steam täze rekord goýdy, 40 mln ulanyjy bir wagtda onlaýn boldy

  • 04.03.2025 11:36
  • 3k+

2-nji martda Steam onlaýn dükany ýene bir gezek ulanyjylaryň iň ýokary sany boýunça rekordyny täzeledi – platformada şol bir wagtda 40,2 million adam onlaýn boldy.

Öňki rekord dekabrda goýlupdy we ol bu gezekkiden 1 million sany ulanyjy azdy. Şol bir wagtyň özünde, bu ulanyjylaryň takmynan üçden biri – ýagny 12,8 million adam oýun oýnaýardy. Galan ulanyjylar bolsa, Steam programmasyny arka fonda işledip saklaýardy.
Bu rekord esasan Monster Hunter Wilds oýnunyň çykmagy bilen baglanyşyklydyr. Oýnuň neşir edilenine sanlyja gün bolandygyna garamazdan, ol eýýäm Steam-iň taryhyndaky iň köp oýnalýan bäş onlaýn oýnuň arasyna girmegi başardy.


düýn 10:46
2.6k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....