Honor "Watch 5 Ultra" akylly sagadyny tanyşdyrdy: ol bir gezeklik zarýad bilen 15 gün işleýär

  • 04.03.2025 11:27
  • 2.3k+

Honor täze Watch 5 Ultra akylly sagadyny tanyşdyrdy. Täze sagat bir gezeklik zarýad bilen 15 gün üznüksiz işleýär, şeýle-de saglygy gözegçilikde saklamak boýunça dürli funksiýalary bar diýip, «Tom’s Guide» habar berýär.

Täze modele 1,5 dýuýmlyk AMOLED ekran (466×466 piksel, 60 Gs) ýerleşdirilen. Titan splawyndan ýasalan korpusynyň IP68 gorag standarty hem-de 5 ATM suw geçirmezlik ukyby bar. Sagadyň ölçegleri – 46,3×46,3×11,4 mm, agramy bolsa – 51,8 gram.
8 GB içerki ýady bolan akylly sagat 100-den gowrak sport tertibini hem-de Bluetooth 5.2 tehnologiýasyny goldaýar. 480 mA·sag sygymly batareýasy 15 güne çenli zarýad berilmezden işläp bilýär. Şeýle-de simsiz we tersine zarýad beriş funksiýasylary bar. Sagat Android 9.0+ we iOS 13.0+ ulgamlaryna gabat gelýär. Ulanyjylara 10 müňden gowrak sanly ekran görnüşi hödürlenýär.

Watch 5 Ultra akylly sagadynyň «Quick Health Scan» funksiýasy EKG-ni ýazga almaga we saglyk ýagdaýyny seljermäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ýüregiň urşuny, gandaky kislorodyň derejesini ölçäp, ukynyň hilini yzarlap bilýär.
Sagat gara we çal reňklerde hödürlenýär, şeýle-de aýryp-dakyp bolýan plastika we deri görnüşli gaýyşlary bar.


Şeýle hem Honor öz smartfonlary üçin programma üpjünçiliginiň goldaw möhletini 7 ýyla çenli uzaldýandygyny habar berdi. Bu möhlet Google we Samsung-yňky bilen deň bolup, Xiaomi bilen deňeşdirilende bolsa ep-esli artykmaçlyk berýär.

Uzaga çekýän programma üpjünçilik goldawy, «Magic Series ulanyjylarynyň ençeme ýyllap emeli aň mümkinçiliklerine we innowasion funksiýalara elýeterli boljakdygyny kepillendirýär» — diýip, kompaniýa öz beýanatynda belläp geçýär.
Täze düzgünleriň haýsy modelleri öz içine alýandygy entek belli däl. Magic7 flagman modelleriniň bu uzak möhletli goldawa ilkinji bolup eýe bolmagy ähtimal.


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
837

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....