Mars näme üçin gyzyl: alymlar täze çaklamalary öňe sürdi

  • 04.03.2025 06:47
  • 4.9k+

Mars suwa baý bolan demir oksidiniň – ferrigidritiň netijesinde gyzyl reňke eýe bolupdyr. Bu barada Nature žurnalynda neşir edilen täze ylmy gözlegde aýdylýar.

Uzak wagt bäri gyzyl reňkiň sebäbi gurak howa şertlerinde emele gelen demir magdanynyň esasy düzüm bölegi bolan demir oksidiniň mineraly – gematit diýlip hasaplanýardy. Ýöne täze maglumatlar bu pikiri ret edýär.
Maglumatlar Marsyň üstünde gowşak kristal ferrigidritiň agdyklyk edýändigini görkezdi. Ferrigidrit bolsa, adatça, suwda emele gelýär, diýmek, ol Marsyň üstünde heniz suw bar wagty dörän bolmaly. 
Ýöne wagtyň geçmegi bilen Mars aşa gurak bolupdyr.
Täze açyş alymlara Marsyň klimatynyň nähili üýtgändigine we suwuň haçan bolandygyna düşünmäge kömek eder. Bu planetanyň irki taryhyny öwrenmek üçin wajyp maglumatlardyr.


şu gün 00:18
399

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....