"Tapmaça" multfilminiň üçünji bölümi işlenip taýýarlanýar

  • 03.03.2025 15:55
  • 1.7k+

Häzirki wagtda “Tapmaça” multfilminiň üçünji bölümi işlenip taýýarlanýar. Bu barada ssenariýeçi Deýw Holsteýn The Direct neşirine beren söhbetdeşliginde aýtdy.

Ol taslamanyň üstünde işlenýändigini tassyklady we franşizanyň trilogiýanyň çäginden çykyp, geriminiň giňäp biljekdigini aýtdy.

Holsteýn: "Biz henizem ikinji filmiň üstünliginden lezzet alýarys. Bir döwür ("Tapmaçanyň") üçünji bölümiň hem peýda boljakdygyna şübhelenemok, dördünjiden altynja ýetip, ýedinji we sekizinjisi hem dörär diýip umyt edýärin” - diýdi.

“Tapmaça 2-niň” ssenariýesiniň şärikdeş awtory Raýliniň täze filminiň durmuşda öňküden üýtgeşik bir bölüme girip, sýužet üçin ter pikirleri açjakdygyny belledi. Holsteýn Şatlygyň ewolýusiýasyna aýratyn üns bermek isleýär.

“Siz her täze filmde oýnuň üýtgemegini isleýärsiňiz we her sikwelde oýnuň düýpgöter özgermegine garaşýarsyňyz. Raýliniň bu franşizanyň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigi gaty gowy zat we onuň durmuşyndaky bu täze bap hakykatdanam wakany düýpgöter üýtgedýär. Siziň durmuşda isleýän zadyňyz üýtgeýär, siziň bolşuňyz hem üýtgeýär. Siziň özüňizi duýuşyňyz. Bilseňiz, bu ýazyjynyň nukdaýnazaryndan garaňda tolgundyryjy, ajaýyp bir zat döretmek üçin size täze pikirleri berýär" – diýip, ol gürrüň berdi.

Pixar we Disney entek “Tapmaça 3” barada resmi bildiriş etmediler. Birinji bölümi 2015-nji ýylda çykypdy we uly üstünlik gazanypdy. 2024-nji ýylyň sikweli bolsa,  2025-nji ýylyň fewral aýynda hytaýly “Neçža 2” özünden ozdurýança, taryhda iň köp girdeji gazanan multfilme öwrüldi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....