Lenovo displeýiň astynda gizlenen web-kameraly noutbugy hödürledi

  • 03.03.2025 12:58
  • 1.7k+

Lenovo displeýiň astynda gizlenen web-kameraly dünýäde ilkinji noutbugy – Yoga Air X AI Yuanqi Edition-y hödürledi. Noutbuk işlemek we döredijilik üçin stile laýyk dizaýny, kuwwatly üpjünçiligi we öňdebaryjy funksiýalary özünde jemleýär.

Gurluşyň esasy aýratynlygy bolan 32 MP web-kamera durulygy 4K we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14 dýuýmlyk OLED displeýiniň aşagynda ýerleşdirildi. Ekranyň töweregindäki çarçuwa inçelip, simmetrik görnüşe eýe boldy, infragyzyl surat düşüriş we 3D näsazlygy ýok ediş tehnikalary bolsa kameranyň suraty has aýdyň almagyna mümkinçilik berýär.
Lenovo-da şeýle pikiriň döremegine Nubia Z70 Ultra ýaly smartfonlar itergi beren bolsa gerek.
Öndürijilik üçin Intel Core Ultra 7 258V prosessory jogap berýär. Şeýle-de, noutbuk 32 GB LPDDR5X operatiw ýady we 1 TB saklaýjy (PCIe Gen 4) bilen üpjün edildi.


Noutbuk emeli aňa esaslanan meselelerden aňsatlyk bilen baş çykarýar, gurnalan grafika bolsa Adobe Premiere Pro we After Effects bilen kynçylyksyz işlemäge mümkinçilik berýär.
Ses üçin Dolby Atmos goldawy we Smart AMP emeli aň algoritmi bilen 10 Wt kuwwatly dört dinamika jogap berýär.
Yoga Air X iki Thunderbolt 4 porty, Wi-Fi 7, barmak yzynyň skaneri we ykjam klawiatura bilen üpjün edildi. 100 Wt çalt zarýad beriş bilen 75 Wt/sag sygymly akkumulýator 17 sagada çenli işlemegi wada berýär. Korpusyň galyňlygy bary-ýogy 14,55 mm, agramy – 1,23 kg.
Hytaýda noutbuk eýýäm 14 999 ýuan baha (takmynan, 2050 dollar) bilen satuwa çykdy. Baha ýokary bolsa-da, innowasiýa we stil bu çykdaja degse gerek. 

şu gün 08:49
34

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

düýn 23:54
1.8k+

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
1.8k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
1.2k+

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....