Google Chrome iň ýörgünli brauzer bolmagynda galýar, onuň bazar paýy - 66,5%

  • 03.03.2025 12:25
  • 1.4k+

Google Chrome iň meşhur desktop brauzeri bolup, 66,55% paý bilen bazarda agalygyny dowam edýär. Onuň iň ýakyn bäsdeşi - Microsoft Edge ondan kän yzda galýar.

Statcounter-iň 2025-nji ýylyň fewral aýyndaky maglumatlaryna görä, 0,21% peselmegi Chrome-yň öňdeligine hiç hili täsir etmedi.
Microsoft Edge-iň paýy 13,9% (+ 0,11%) boldy. Üçünji orunda Apple Safari (8,65%, -0.19%) durýar. Dördünji orny Mozilla Firefox (6.36%, + 0,1%) eýeleýär, bäşinji orunda Opera (2.91%, -0.01%) durýar.
Bäsdeşleri müşderi bazasyny artdyrmaga jan edýän hem bolsa, Chrome-a entek çyndan bäsdeş bolup biljek ýok. Microsoft Edge-ni tanatmak üçin mahabaty we dürli hileleri işjeň ulanýar, Mozilla beýleki brauzerleriň Manifest V3-e geçmeginiň fonunda Manifest V2 standartyna goldaw berjekdigini habar berýär, bu bolsa uBlock Origin ýaly giňeltmeler üçin goşmaça goldawy üpjün eder. Opera hem, öz gezeginde, ulanyjy barada alada edýän Air-niň täze wersiýasyny hödürledi.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......