Täze Opera Air brauzeri ünsüňizi jemlemäge kömek eder

  • 07.02.2025 07:15
  • 1.6k+

Opera kompaniýasy günüň dowamynda stresden gaça durmaga we ünsüňizi jemlemäge ýardam berýän Opera Air atly brauzerini hödürledi. Ol ýönekeý dizaýny we ruhy rahatlyk üçin niýetlenen aýratynlyklary bilen tapawutlanýar diýip, TechCrunch belleýär.

Brauzerde dynç alyş ýatlatmalary, dem alyş maşklary we binaural (iki gürleýjiden gelýän) ritmleri diňlemek üçin funksiýalar ornaşdyrylan. Gapdal panelinde «Boosts» atly bölüm ýerleşýär. Bu bölümde diňlenilende adamlara dürli ýygylykdaky sesleri eşitdirýän sazlar, daşky gurşawyň sesleri we binaural ritmleriň utgaşmalary jemlenendir. Mundan başga-da dynç almak, ünsüňi jemlemek we beýleki maksatlar üçin ýörite ýazgylar bar. Şeýle-de, Opera Aria emeli aň kömekçisine hem-de WhatsApp we Messenger messenjerlerine gysga ýollaryň elýeterlidigi barada bellenip geçilýär.
Brauzerde «Take a break» (Dynç al) funksiýasy hem bar. Ol ulanyja wagtly-wagtynda dynç almalydygyny ýatladýar. Ulanyjy dynç alyş görnüşini özi saýlap bilýär. Mysal üçin, boýny hereketlendirmek üçin kamera arkaly ýörite maşklary ýerine ýetirmek mümkin. Bu maşklar ýerine ýetirilýän mahaly brauzer, maşklaryň dogry ýerine ýetirilmegini we dogry durşy saklamagy ýatladyp durýar. Şeýle-de, görkezmeleri seslendirmek üçin erkegiň ýa-da zenanyň sesini saýlamak mümkin.
Häzirki wagtda brauzer diňe iňlis dilini goldaýar, ýöne Opera geljekde beýleki dilleri hem goşmagy meýilleşdirýär.
Işläp düzüjiler, Opera Air-iň aýratyn önüm hökmünde döredilendigini we onuň beýleki Opera brauzerleri bilen birleşdirilmeýändigini aýratyn belläp geçýärler.

düýn 22:06
435

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
4.8k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
3.1k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
4.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....