BMW 2026-njy ýylda Germaniýada täze nesil elektromobillerini çykarar

  • 03.03.2025 06:20
  • 5.6k+

2026-njy ýylyň tomsunda BMW-niň Mýunhendäki zawodynda NEUE KLASSE ady bilen täze nesil elektromobilleri çykarylyp başlanar. Kompaniýa bazarda elektromobilleriň paýyny artdyrmak strategiýasynyň çäklerinde diňe elektrik modellere ünsi jemlemek üçin zawody üýtgeder. 

Häzir zawodda uly işler alnyp barylýar: kuzowlar we gurnama üçin täze sehler gurulýar. Kärhananyň ýolbaşçysy Peter Weber innowasiýalary wada berýär.

“Täze zawod çeýe we ösen bolup, önümçilik işlerini kämilleşdirer” – diýip, ol belleýär.

2027-nji ýyla çenli Mýunhen adaty hereketlendirijilerden doly ýüz öwrer, eýýäm 2025-nji ýylyň ahyrynda bolsa synag zawody ilkinji elektromobillerini ýygnar.
Kompaniýa täze ulag arhitekturasynyň çykdajylary azaltjakdygyny we önümçiligi ýönekeýleşdirjekdigini belleýär. Bu ýönekeý bir täzelenme däl – BMW ekologiýa taýdan arassa ulaglara islegiň gün-günden artýan bazarynda öz ornuny berkitmek isleýär. Bu üýtgeşmeler BMW kompaniýasyna häzirkizaman sürüjileriň elektromobillere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga kömek eder.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......