Fendi modalar öýi 100 ýyllygyny belledi: 2025-nji ýylyň esasy äheňi näme bolar?

  • 02.03.2025 11:48
  • 5.2k+

Dünýä belli Fendi modalar öýi 26-njy fewralda Milanda 100 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp, özüniň täze kolleksiýasyny hödürledi. Bu kolleksiýa brendiň mirasyna goýlan hormaty we 2025-nji ýylyň häzirki moda trendlerini utgaşdyrýar diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Kolleksiýanyň esasy ünsi kürk (sütükli) önümlerine gönükdirildi. Kürkler Fendi brendiniň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Şonuň üçin brend Milandaky dükanlaryň birinde ýörite kürk tikin atelýesini açmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de kürkden tikilen aksessuarlar we eşikler hem trend bolup, esasan-da wintaž kürkler, boa şarflar, sumkalar we kürk bilen bezegli ýeňil köýnekler uly isleg bilen kabul edilýär.
Täze kolleksiýa häzirki zaman trendleriň esasy ugurlaryny öz içine alýar. O-siluet (tegelek) görnüşli egin-eşikler 2025-nji ýylyň ahyryna çenli hem meşhurygyny ýitirmez. Indi diňe palto we žaketler däl, eýsem tegelek ýakaly köýnekler we bluzlar hem moda boldy. Şeýle-de midi görnüşdäki gode ýubkalar (aşak tarapy giňelýänler) täzeden moda girýär.
Fendi 2025/2026-njy ýyl güýz-gyş kolleksiýasynda-da ýubkaly kostýumlaryň meşhurlygyny gaýtadan tassyklaýar. Häzirki wagtda hem midi ýubkadan we žaketden ybarat sada toplumlar hem-de trikotaž longsliwler bilen has rahat görnüşler modada öňe çykýar. Esasy düzgün – dyza çenli bolan ýubkalary saýlamak, sebäbi olar stil hasap edilýär.
Fendi-niň kolleksiýasynyň reňk palitrasy solak öwüşgünleriň ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Täzeden meşhur bolan bu reňkleriň arasynda esasan mustard (sary), ýaşyl, gülgüne reňkler we çalyň beýleki öwüşginleri bar.


11.06.2026 13:03
7.1k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....