Daniýada wudhenj – tegelek däp-dessur aýmançasy tapyldy. Ol Stounhenj bilen baglanyşykly bolup çykdy

  • 02.03.2025 08:34
  • 5.8k+

Daniýada arheologlar britan Stounhenji bilen baglanyşygy bolan gadymy tegelek agaç aýmançany tapdylar diýip, The Guardian ýazýar.

Azyndan 45 sany agaç pürsden durýan tegelek Demirgazyk Ýutlandiýanyň Ors şäherinde tapyldy. Onuň diametri takmynan 30 metr. Ol takmynan miladydan öňki 2600-1600-njy ýyllar aralygynda gurlupdyr diýip hasaplanýar.
Bu eýýäm ýanwar aýynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda sebitden tapylan ikinji wudhenjdir. Arheologlar bu tapyndy Daniýanyň we Angliýanyň medeniýetleriniň arasynda ýakyn arabaglanyşygyň bardygyny, şol bir wagtyň özünde umumy ynanç ulgamlarynyň ýaýrandygyny görkezýär diýip hasaplaýarlar.
Gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan Westimmerlands muzeýiniň gözegçisi Sidsel Wolin: "Bu üýtgeşik tapyndy. Tegelek giçki daş asyrynyň we irki bürünç asyrynyň däp-dessurlary hem-de jemgyýetçilik gurluşlary barada düşünje berýär" -diýip belledi.
Britaniýada we Irlandiýada birgiden henj - Stounhenje meňzeş tegelek ýer aýmançalary bar.

“Bular Güne ybadat edilýän we şol döwrüň oba hojalygy bilen baglanyşykly däp-dessur merkezleri we ýerleridir. Wolin: "Şeýle häsiýetli ýadygärligi döretmek kararyna gelmek üçin onuň manysyna we nädip meýilleşdirilýändigine düşünmeli" -diýip nygtady.

Şeýle hem ol daniýaly wudhenjiň iňlis Stounhenjiniňkä meňzeş okunyň bardygyny sözüniň üstüne goşdy.
Wolin: "Bu giň göwrümli meýdanlar boýunça şol bir dünýägaraýyşyň bardygyny görkezýär: nädip daýhançylyk etmeli, jemgyýetiň adatdan daşary tebigat bilen nähili gatnaşygy bar" -diýdi.


19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......