Barlag: Hyundai-yň batareýalary, Teslanyňka garanda, has haýal könelýär

  • 02.03.2025 08:19
  • 3.8k+

Awstraliýanyň Pickles marketpleýsiniň barlagçylary ulanyşdaky 250 töweregi elektrik ulagyny synagdan geçirdiler we olaryň batareýalarynyň 120 müň km geçenden soň, energiýa kuwwatynyň ortaça 90,1 göterimini saklaýandygyny anykladylar diýip, Autoevolution habar berýär.

Görnüşi ýaly, Hyundai-yň batareýalary Teslanyňka garanda, zaýalanmaga has az sezewar bolýan eken.
Geçen ýoly 120 müň km ýa-da ondanam köp bolan elektrikli awtoulaglarda synagçylar tarapyndan kesgitlenen ortaça energiýa kuwwatynyň görkezijisi zawodyň goýan görkezijisiniň 90,1% -ini düzdi. 40-80 müň km aralygynda 94,5%, takmynan 20 müň km ýol geçende bolsa 98,2%-digi hasaba alyndy. Elektrikli awtoulagyň ýaşyna baglylykda, batareýa iki ýaşly awtoulag üçin energiýa kuwwatynyň 97,2 göteriminden başlap, dört we ondan uly awtoulaglar üçin 93,7 göterime çenli saklaýar.
Synagdan geçirilen Tesla elektrik awtoulaglarynyň batareýalary ortaça 7,7% peseldi, bu görkeziji BYD üçin 1,4%, Hyundai üçin bolsa bary-ýogy 0,7% -dir.
Şeýle-de bolsa, barlagçylar bu tapawudyň synaglara gatnaşan hytaýly we koreýaly awtoulaglaryň deňeşdirilende täzedigi bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarlar. Mysal üçin, synagdan geçirilen Teslanyň ortaça geçen aralygy 42,4 müň km, Hyundai-yňky bary-ýogy 29,2 müň km.
Batareýanyň zaýalanmagy elektrik ulagyny saýlamakda täsir edýän esasy faktor bolmagynda galýar. 2024-nji ýylyň dekabrynda Stenford uniwersitetiniň alymlary batareýanyň ömrüniň ozal pikir edilişinden 1,5 esse uzak bolup biljekdigini anykladylar.


17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......