Gussaly köpege meňzeşligi Hytaýdaky dag gaýasynyň meşhur bolmagyna getirdi

  • 02.03.2025 07:29
  • 9.3k+

Internet ulanyjylary Hytaýyň Ýanszy derýasynyň kenaryndaky gaýany gussa batan ite meňzedenlerinden soň, ol sosial ulgamda meşhur bolup ýaýrady. Indi syýahatçylar bu ýere öz öý haýwanlary bilen täsin suratlara düşmek üçin gelýärler diýip, The Guardian ýazýar.

Ýanwar aýynyň ahyrynda şanhaýly dizaýner Go Sinşan “Güjükler dagy” atly suratyny paýlaşyp, meňzeşlige ünsi çekdi. Go şol ýere ýakyn şäherde doglan hem bolsa, ozal bu meňzeşlige üns bermändigini boýun aldy, emma meňzeşligi görende haýran galandygyny aýtdy.

“Güjük suw içýän ýa-da balygy synlaýan ýaly ýagdaýda. Şeýle hem, Ýanszy derýasyny ýuwaşlyk bilen goraýan ýaly" -diýip, Go özünde galan täsirleri paýlaşdy.

10 günüň içinde bu ýazgy Hytaýyň RedNote sosial ulgamynda (asyl ady - Hiaohongshu) 120 müň gezek halandy.
Şondan soň dagyň meşhurlygy artdy. Syýahatçylar, esasanam it söýüjiler, bu ýere öý haýwanlary bilen surata düşmek üçin gelýärler. Gaýa synlaýyş meýdançasyndan aýdyň görünýär, bu suratlaryň şowly çykmagyna kömek edýär.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7.1k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......