Microsoft 5-nji maýdan Skype-yň işini bes eder

  • 01.03.2025 17:11
  • 1.7k+

Microsoft 2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan Skype messenjerini we wideojaň hyzmatyny ýapar. Bu barada hyzmatyň saýtynda habar berildi. Kompaniýa programmany goldamagyny bes edip, Teams hyzmatyna ünsi jemlär.

Mundan öň XDA Developers portalynyň okyjylarynyň biri Windows üçin Skype-yň täze beta wersiýasynda hyzmatyň ýapyljakdygy barada maglumatly setiriň peýda bolandygyny görüpdi.

“Maý aýyndan başlap Skype elýeterli bolmaz. Teams-de jaň etmegi we aragatnaşyk saklamagy dowam etdiriň” – diýlip, programmanyň täze wersiýasynyň kod böleginde aýdylýar. Eger ulanyjynyň Skype kontaktlarynda eýýäm bu hyzmatdan peýdalanýan adamlar bar bolsa, onda degişli habarnama peýda bolar.

Teams hyzmaty hem ulanyjylara Skype-daky ýaly bire-bir ýa-da toparlaýyn jaňlary amala aşyrmaga, habarlar bilen alyşmaga, faýllar bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, Teams ýygnaklary geçirmek, senenamany dolandyrmak ýaly giňeldilen funksiýalary-da hödürleýär.
Kompaniýa ýakyn günlerde Skype ulanyjylaryna öz Skype akkauntlaryny ulanyp, islendik gurluşda Teams-e (mugt) girmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýar. Skype akkaunty bilen Teams-e girilen ýagdaýynda, çatlar we kontaktlar awtomatik taýdan programmada peýda bolar.
Geçiş döwrüniň dowamynda Teams ulanyjylary Skype ulanyjylary bilen jaňlaşyp, habarlaşyp biler, Skype ulanyjylary hem Teams ulanyjylary bilen aragatnaşyk saklap biler.
Şeýle-de, ulanyjylar öz maglumatlaryny, çatlaryny, kontaktlaryny we jaň sanawyny Teams-e eksport edip biler.
Skype 2003-nji ýylda işe girizildi. Ol Şwesiýanyň Tele2 kompaniýasynyň öňki işgärleri Niklas Zennstrem bilen Ýanus Friisiň gatnaşmagynda estoniýaly işläp düzüjiler tarapyndan döredildi. 2011-nji ýylda hyzmat 8,5 mlrd dollara Microsoft tarapyndan satyn alyndy. 2019-njy ýylda korporasiýa Skype-yň biznes üçin işlemegini bes etjekdigini (ahyrynda bu 2021-nji ýylda boldy), guramalaryň bolsa Microsoft Teams-e geçmelidigini habar berdi.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...