Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli estrada ýyldyzlarynyň konsertleri geçiriler

  • 01.03.2025 12:29
  • 10k+

Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 8-nji martda estrada aýdymçylarynyň şowhunly konserti bolar.
Sahnada Eldar Ahmedow, Serdar Çaryýew, Gülälek Gulmyradowa we Begler Nurberdiýew çykyş eder.
Konsertler 8-nji martda 17:00 we 19:00 başlanar.
Habarlaşmak üçin: 94-10-76; 48-96-8348-96-85.

Şol gün şeýle-de "Türkmenistan" kinokonsert merkezinde hem baýramçylyk konserti geçiriler. Konsertde giriş zenanlar üçin mugt bolar.
Konsertde Gurbangeldi Ataýew we Söhbet Jumaýew çykyş eder.
Konsert 16:00-da başlanar.
"Türkmenistan" kinokonsert merkezindäki konserte gatnaşmak üçin ýerleri öňünden belletmeli. Munuň üçin 0504 gysga belgä SMS ugratmaly.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......