Aýda öýjükli aragatnaşygy ýola goýmak üçin ilkinji ädim: SpaceX Aýa 4G öýjükli aragatnaşyk stansiýasy bolan moduly iberdi

  • 01.03.2025 07:58
  • 2.3k+

Floridada SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketa göterijisiniň uçuşy boldy. Ol Aýa Intuitive Machines kompaniýasynyň Nova-C Athena gonuş modulyny elter.

Modulyň 6-njy martda Aýdaky Muton dagynyň töwereginde gonmagy meýilleşdirilýär. Bu Ýeriň tebigy hemrasynda iň beýik dag bolmagy mümkin. Missiýa 10 gün töweregi dowam eder.
Onuň esasy wezipesi Aý çeşmelerini öwrenmekden ybarat. Enjam özi bilen kameralary, topragy burawlamak üçin enjamy, mass-spektrometri we Nokia 4G signal iberijisini elter. Bu Aýda öýjükli aragatnaşygy ýola goýmak üçin ilkinji ädim bolup biler.
Belläp geçsek, bu Intuitive Machines kompaniýasynyň ikinji Aý missiýasydyr. 2024-nji ýylyň fewral aýynda Odysseus moduly Malapert A krateriniň töwereginde gondy, ýöne söýeginiň döwülmegi sebäpli gyşaryp, gapdala ýykyldy. Onuň Gün panelleri doly zarýad alyp bilmedi we alty gün işländen soň, enjam “uky režimine” geçdi. 


düýn 00:18
2.6k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.2k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....