Hytaýly adam halka zyňmak oýnundan Maserati ulagyny utdy: ol 8 müň gezek synanyşdy

  • 28.02.2025 23:50
  • 9.9k+

Hytaýda Wan familiýaly bir erkek adam «Halka zyňmak» oýnundan bahasy 1,7 million ýuana (takmynan, 235 müň dollara) deň bolan Maserati awtoulagyny utdy. Adaty bolmadyk bu ýaryş Hytaýyň Henan welaýatynyň Şansýu şäherindäki gijeki bazarda geçirildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

Bu oýunda gatnaşyjylar halkalary nyşana zyňyp, ony dürs urmaga çalyşýarlar. Ýaryşyň baýraklarynyň arasynda Maserati-den başga-da sygyrlar we goýunlar ýaly baýraklar hem bardy.
Wan halka satyn almak üçin 2 müň ýuan töläp, üç sagada golaý wagtyň dowamynda, takmynan, 8 müň gezek halka zyňdy.

«Men müňlerçe halka zyňdym, elim henizem birneme agyrýar. Ilkibaşda diňe synanyşýadym. Ýeňşim esasanam şans bilen baglymyka diýip pikir edýän» — diýip, Wan aýtdy. Ol basketbol oýnamagy halaýandygyny we gijeki bazarlarda ýygy-ýygydan ýeňiş gazanýandygyny hem belläp geçdi.
«Men köplenç bir zatlar utýaryn. Mysal üçin, Aý [Hytaý] täze ýylynda 150 ýuan sarp edip, alty sany gaz utupdym» — diýip, ýeňiji gürrüň berdi.

Şeýle-de bolsa, Wanyň utan Maserati-si onuň doly öz mülki däldir. Ol awtoulagy diňe bir ýyllap ulanmaga hukugy gazandy. Wan häzirki wagtda bu hukugy pula çalyşmak üçin dükanyň eýesi bilen gepleşik geçirýär.


şu gün 11:02
870

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....