Dagda azaşan hytaýly syýahatçy 10 gün gar we diş pastasyny iýip diri galdy

  • 28.02.2025 17:57
  • 14k+

Sinlin daglarynda (Hytaý) azaşan 18 ýaşly hytaýly syýahatçy 10 günden soň halasgärler tarapyndan tapyldy. Onuň diri galyşy barada South China Morning Post (SCMP) gazeti gürrüň berdi.

Sun Lýan Şensi welaýatyndaky (Hytaý) Sinlin dag gerişleriniň üsti bilen 170 kilometrlik kyn ýoldan ýekelikdäki ýörişine ugrady. Iki günden onuň elektron gurluşlarynyň zarýady gutaryp, ýakynlary onuň bilen aragatnaşygy ýitirdi. Ol çeşmäniň akymy boýunça aşak düşjek bolup, birnäçe gezek ýykylýar we sag elini döwdürýär.
Sowukdan goranmak üçin, Sun Lýan gurak samandan we ýapraklardan uly daşyň aňyrsynda gaçybatalga ýasaýar. Ol çeşmeden suw içip, gar we diş pastasy bilen iýmitlenýär. 10 günden soň bolsa ene-atasynyň ýüz tutan halasgärleri tarapyndan tapylýar.
Sun Lýanyň geçen ýoly Hytaýda iň howply ugurlaryň biri hasaplanýar. Soňky 20 ýylda ol ýerde 50-den gowrak syýahatçy dereksiz ýitdi ýa-da aradan çykdy. Daglarda üýtgäp durýan howa bolup, güýçli garly ýel hereketi kynlaşdyrýar.
Sun Lýanyň özi güýçli gorkyny başdan geçirendigini aýtdy we beýleki syýahatçylary bu daglara gitmezlige çagyrdy.

“Bu ýer ýörişler üçin asla ýaramly däl. Ýel şeýle bir güýçli welin, men hatda iki alpenştok bilen aýakda zordan durdum. Garyň örän güýçlüdigi sebäpli, men gözümi kynlyk bilen açyp bildim” – diýip, ol sosial ulgamlarda gürrüň berdi.

Halas ediş işleri syýahatçynyň maşgalasyna 80 müň ýuana (11 müň dollar) düşdi. Oňa 30-dan gowrak adam gatnaşdy we olaryň her biri-de syýahatçynyň özi ýaly töwekgelçilige sezewar boldy diýip, SCMP ýazýar.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......