«Kung Fu BOT»: hytaýlylar robota kung-fu tilsimlerini öwretdiler

  • 28.02.2025 13:06
  • 4.9k+

Hytaýyň Yushu Technology kompaniýasy gumanoid (adam şekilli) robot Yushu G1-iň kung-fu tilsimlerini ýerine ýetirýän wideosyny çap etdi. Utgaşyklylygy we çylşyrymly hereketlerdäki durnuklylygy sebäpli, ulanyjylar oňa «Kung Fu BOT» adyny berdiler.

Yushu G1-iň agramy 35 kg, boýy bolsa 127 sm. Iň ýokary burulma pursaty (torky) 120 N·m bolan 43 sany hereketlendiriji bogun bilen enjamlaşdyrylan. Onuň algoritmleri robota uýgunlaşmaga we öwrenmäge mümkinçilik berýär. Yushu G1-iň elleri adamlaryň hereketlerini gaýtalap, obýektleri dolandyryp bilýär, UnifoLM (Unitree Robot Unified Large Model) tehnologiýasy bolsa daş-töweregi bilen täsirleşmegine ýardam berýär.

«Indi ol islendik hereketi we islendik tälimi ýerine ýetirip bilýär» — diýip, işläp düzüjileri aýdýar.

Robot iki sagada çenli üznüksiz işläp bilýär. Ol 3D-LiDAR we çuňluk kameralary bilen enjamlaşdyrylan.
Kompaniýa emeli aňyň robot tehnikalarynyň ösüşindäki ähmiýeti barada aýratyn aýdyp geçýär.

«Emeli aň bilen tizleşdirilen robotehniki tehnologiýalar her gün kämilleşýär we ösýär» — diýip, Yushu Technology kompaniýasy belläp geçýär.


11.06.2026 23:52
8.4k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
4.9k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......