Täjigistanda Merkezi Aziýada iň uzyn köpri gurlar

  • 28.02.2025 12:42
  • 11k+

Täjigistanda Merkezi Aziýa sebitindäki iň uzyn awtoulag köprüsi gurlar. Köpriniň uzynlygy 920 metr bolup, giriş ýollary bilen birlikde umumy uzynlygy 1500 metre ýetýär. Bu barada Täjigistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Köpriniň gurluşygy "Obigarm – Nurabad" awtoulag ýolunyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär. Ol Nurabad etrabynyň çäginde Surhob derýasynyň iki kenaryny birleşdirer.
Täjigistanyň Ulag ministrligi bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, taslamany Hytaýyň Zhejiang Communications Construction Group Co., Ltd. döwlet korporasiýasy durmuşa geçirer. Taslama dört ýylyň içinde tamamlanar.

Taslamanyň umumy bahasy takmynan 427,5 million ýuana (takmynan 60 million dollar) deňdir.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň uzyn köpri hasaplanýan desga Gazagystanyň gündogarynda ýerleşýän we geçen ýylyň oktýabr aýynda açylan Buharmin köprüsidir. Onuň uzynlygy 1316 metr.
Zhejiang Communications Construction Group Co., Ltd. dünýäde has iri taslamalary amala aşyran kompaniýalaryň biri bolup, onuň eden işleriniň hatarynda 36 kilometr uzynlygyndaky Hangzhou aýlagynyň üstünden geçýän iň uzyn transokean köprüsi, şeýle-de Belgiýanyň Antwerp portundaky dünýäniň iň uly derwezeli geçelgesi ýaly taslamalar bar.


18.06.2026 09:55
836

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......